DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Häzirki zamanyň 100 ýaşly mamasy nähili geýinýär?

Amerikaly kolleksioner zenan häzirki zamanyň iň modaçyl mamasy boldy, diýip «mail.ru» ýazýar.

Aýris Apfel 1921-nji ýylda eneden doguldy we mundan biraz ozal ýüz ýaşyny belledi. Ol çagalykdan moda bilen gyzyklanyp başlapdyr. Ejesiniň eşik satylýan dükanjagazy bar eken. Ol sekiz ýaşynda ýallaryň ýek görýän jümlesini — «Geýer ýaly hiç zadym ýok!» diýen jümläni aýdandygy soňrak boýnuna aldy. Gep eşik ýetmezçiliginden däl eken. Gyzjagaz beýlekilerden tapawutlanmak isläpdir we özüniň tapawutly stilini gözläpdir. Soňurak bolsa eşikleri ýygnap (kolleksinirläp) başlapdyr.

Aýris gaplaň, ýüňleri we açyk öwüşginleri bir obraza birikdirmekden gorkmazlyk bilen çäklenmeýär. Ol ilkinjileriň hatarynda gymmatbaha we arzan zatlary garyşdyryp başlady (häzirki zaman stilistleriniň gowy görýän prinsiplerinden Apfel geçen asyrda peýdalanyp başlady). Ol «Dioryň» burum-burum köýnekleriniň üstünden arzan bazardan satyn alnan monjuklary dakyp bilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: