Häzirki döwürde nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçilikleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.
Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
Ýangyç-energetika toplumy ýurduň milli ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýedir. Onuň paýyna öndürilen senagat önümleriniň gymmatlylyk möçberiniň 70% -den gowragy düşýär. Tebigy gaz, nebit we nebit önümleri, elektrik energiýasy eksport edilýän senagat önümleriniň esasy görnüşleri bolup durýar.
Nebit çykarylyşy Türkmenistanyň Günbatarynda eýýäm 125 ýyldan gowrak wagt bäri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ulanylýan nebit känleriniň aglabasy gury ýerde dörtden birine golaýy deňizde ýerleşýär. Nebiti çykarmak, esasan, çüwdürim (80%-ine golaýy) we gazlift usullary bilen amala aşyrylýar, önümiň galan bölegi sorujylar arkaly çuň gatlaklardan çykarylýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebitgazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň, şeýle hem gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmak möhüm bolup durýar.
“Dragon Oil” (BAE), “Petronas” (Malaýziýa), “Eni” (Italiýa) ýaly dünýä belli kompaniýalaryň Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de kenarýaka zolagynda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň esasynda üstünlikli iş alyp barmaklary ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdeleri özleşdirilýär.
2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy. Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, iri daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary we içeri syýasatlaryň anyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri we amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Taşpulatow Baýmurat
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň “Umumy geologiýa” mugallymy, Türkmenistanyň Demokratiki partiýasynyň agzasy