Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň many-mazmuny, bilim berijiligi we ylmy-usulyýet ugurlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim edaralaryny okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olary aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hereket edýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalary durmuşa geçirilýär.
Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýaşlaryň sanly tehnologiýalardan başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmagyna, ýokary hilli hünäriň ösdürilmegine, mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyna, sanly bilimi ösdürmegine uly üns berilýär. Bu ugurda bilim edaralary ýokary depginli we üstünlikli işleri
alyp baryp, uly sepgitlere eýe bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 200-den gowragy hereket edýär.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO, UNODC, WHO, IOM), BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen özara
gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Orta mekdebi tamamlaýan ýaşlary durmuşa we zähmete taýýarlamak wezipesi geljekde ylmy-tehniki we sosial progresiň işjeň gatnaşýan şahsyýeti kemala getirmegi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly» diýip belleýär. Bu wezipäni amala aşyrmakda ýaşlary orta mekdepde okaýan döwründen başlap, bilimlerini özleşdirmäge işjeň çemeleşmekleriniň örän uly ähmiýeti bar. Okuwçynyň işjeňligi umumy bilim taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrýar, geljekde jemgyýetçilik durmuşynda işjeň hereket edýän şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär.
Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ony täze hil derejä çykarýar. Şunda täze okuw sapaklaryny girizmek, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin zerur şertleri döretmek, ösen tehnologiýalar esasynda okatmagyň hil taýdan täze usullaryny özleşdirip ornaşdyrmak öňden dowam edip gelýän okatmagyň adaty usullaryny döredijilikli we ýerlikli ulanmak bilen utgaşdyrylýar.
Gülşirin AKMURADOWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy