JEMGYÝET

Hazaryň suwy bir metrdenem gowrak ýokarlandy

Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar böleginde 2024-nji ýylyň başyndan bäri suwuň derejesi 119 santimetr ýokarlandy diýip, Gazagystanyň Suw gorlary we irrigasiýa ministrligine salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi. Aprel-maý aýlarynda Žaýyk derýasyndan daşgyn suwlaryň deňze guýulmagy Hazaryň ady tutulan böleginde suwuň derejesiniň artmagyna getirdi. Umumy alnanda, deňze Žaýyk derýasyndan 7,4 mlrd kubmetr suw goşuldy.
Daşgyn suwlaryny deňze akdyrmak boýunça görlen çäreler netijesinde Gazagystanyň Atyrau oblastynda goşmaça kanallar ulanylyp, Hazara 350 million kubmetr suw ýollandy.

«Demirgazyk Araly hem suwdan doldurmak boýunça işler dowam etdirilýär, ol ýere ýylyň başyndan bäri 1,1 mlrd kubmetrden hem gowrak suw akdyryldy.
Netijede, Aral deňziniň demirgazyk böleginde-de suwuň möçberiniň ýokarlanýandygy hasaba alyndy» diýip, ady tutulan ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary Nurlan Aldamžarow habar berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: