TÜRKMENISTAN HABARLARY

Hazaryň kenaryndaky toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň düzümi kämilleşdiriler

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hasabat berdi. Bu taslama nebit önümleriniň ygtybarly saklanmagyny we olaryň deňiz hem-de demir ýol arkaly ugradylýan möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmagyň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda strategik ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zawodlar toplumynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.