Türkmenistan Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýran bilen bilelikde balygyň
bekre görnüşleriniň täjirçilik maksatly tutulmagynyň gadagançylygyny 2025-nji
ýyl üçin uzaltdy. Bu çözgüt Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak
we rejeli ulanmak boýunça toparyň mejlisiniň dowamynda kabul edildi.
Russiýanyň Balykçylyk boýunça federal agentliginiň habar bermegine görä,
döwletler bekre işbiliniň we etiniň geljek ýylda eksport edilmeli möçberlerini
kesgitlemezlik barada ylalaşdylar. Bu görnüşli balyklary tutmaklyk ylmy
barlaglar we emeli önümçilik maksatlary bilen gönüden-göni baglylykda
geçiriler.
Ýurtlaryň balyk çeşmelerini goramak maksady bilen balyk görnüşlerini goramak
we olary öndürmek boýunça çäreler görülýär. Rus tarapy şeýle hem Hazarýaka
döwletleriň balykçylarynyň forumyny döretmegi we Hazar toparynyň ýyllyk
neşirini çykarmagy teklip etdi. Bekre balyklaryň täjirçilik maksatly tutulmagyna gadagançylyk eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna amala aşyrylýar. Şunuň ýaly çäklendirme 2024-nji ýylda hem girizilipdi.
Hazarda bekre balygyny tutmak boýunça halkara gadaganlyk ýene bir ýyl uzaldyldy

23
Dec