Hazar deňzi
Häzirki Hazar deňzimiz dürli döwürlerde Girkaniýa, Hazar, Hwalun, Kaspi ýaly atlar bilen atlandyrylypdyr. Halk içinde oňa akyldar ýaşulylara ýüzlenilişi ýaly “Goja Hazar” diýilýär. Şahyryň:
-Hazar goja Hazar, goja däl bu gun
Ol göze şeýle bir juwan görünýär.
-diýen setirlerine ser salsak Hazar entäk juda ýaş görünýär.Ýaşlygyň bar ýerinde bolsa güllemek bar, ösmek bar, has dogrusy geljek bar. Bir söz bilen aýdanymyzda bolsa, gözel Awazanyň geljegi, ýagty ertirleriniň dowamaty heniz öňdedir.
Goja Hazaryň kenary, suwunyň tenekarlygy, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigat hakynda aýdymlar, goşgular döräpdir, rowaýatdyr tymsallar ýaýrapdyr. Eger-de size deňziň kenarynda şöhraty dünýä dolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan orun alan küşdepdiniň owazyna diň salyp görseňiz, onuň her bendinde diýen ýaly çyrpynyp ýatan deňziň taryhynyň yaňlanýandygyna göz ýetirersiňiz.
Dünýäde ummana ýanaşmaýan ýeke-täk ýapyk deňiz diýilip hasaba alnan Hazar deňzi geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşendir. Ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky altyn köpridir.
PULATOWA Rozaý,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby