Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýaşajyk türkmenistanlylaryň birnäçesine saglygy dikeldiş, bejeriş işleri geçirildi. Olaryň arasynda lebaply körpeler hem bar.
Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, 1 ýaş 3 aýlyjak Öwez Azadow hirurgik operasiýa edildi.
Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde gasyk ingisi bolan, welaýatyň 11 ýaşly ýaşaýjysy Kerwen Ahmedowa hirurgiki operasiýa, şeýle hem sag taraplaýyn kriptorhizm kesel kesgitlemesi bolan, Lebap welaýatynyň 10 ýaşly ýaşaýjysy Nuraly Derýaýewe hirurgik operasiýa geçirildi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna lebaply çagalaryň ýene üçüsi operasiýa edildi

02
Apr