LUKMANÇYLYK

Haýyr-sahawat gaznasyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy

Lebaply çagalaryň birnäçesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Olar bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilen we saglygyna gowşan çagalardyr.

Bu ýakymly waka welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen «Çagalar ― geljegimizi nurlandyrýan Güneş» atly maslahatdan soň bolup geçdi. Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Lebap welaýatynyň çagalarynyň birnäçesinde çylyşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi. Bu işleri geljekde hem dowam etmek meýilleşdirilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: