DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hawi «Barselona» tälim bermäge taýýarlanýar

Kataryň «Al-Sadd» futbol klubynyň baş tälimçisi Hawi Ernandes «Barselona» tälim bermek isleýändigini ýaşyrmakçy hem bolanok. Has dogrusy, ol özüni ýyldyzlaşdyran topara tälim bermäge çyny bilen taýýarlyk görýär.
«Meniň iň uly arzuwym ― «Barselonanyň» baş tälimçisi bolmak. Jana-jan toparyma ýene uly üstünlikleri getirmek üçin dolanmak isleýärin. Ýöne ähli zady noldan başlamak islärdim ― öz hyýalymdaky «Barselonany» gurmak islärdim. Men we tälimçiler düzümüm muňa taýýar. Bu hakda köp aýdýaryn: «Barselona» tälim bermek meniň üçin belent mertebe» diýip, ol metbugata bu barada aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: