“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalarynyň, oba hojalygynda köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypalaryň, daýhanlaryň, kärendiçileriň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda ulydan bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanyp “Hasyl toýun toýlaýar, baýlyk barly Watanym” ady bilen duşuşyk geçirildi. Çykyşlarda
Hasyl toýy bolçulyk bilen nygmatlardan doly desterhanlary bilen garşylaýandygy, ilata hödürlenýän ter önümler daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetinden bolýandygy, daýhanlaryň ruhlarynyň belentlikleri barada giň gürrüňler edildi. Bu gün biz daýhalarymyzyň ýerden bol hasyl almagy başarýalar diýip guwanç bilen aýdyp bilýäris.
Hormatly Prezidentimiziň : “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr” diýen sözleri biz daýhanlary has-da buýsandyrdy, galkyndyrdy diýip çykyş eden kärendeçi buýsanç bilen belläp geçmegi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Bereketli toprak eşret getirýär” atly giňişleýin sergi bolsa çärä öz öwüşginini berdi.
