Услугами больницы воспользовались почти 42 тысячи 630 человек
- UNCATEGORIZED

Hassahananyň hyzmatyndan 42 müň 630-a ýakyn adam peýdalandy

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda 2019-njy ýylda 42 müň 630-a ýakyn adama hyzmat edildi.

Hassahanada diňe Lebap welaýatyndan ýa-da Türkmenistanyň beýleki ýerlerinden gelenler däl, eýsem, daşary ýurtlylar hem saglygyny bejertdiler. Geçen ýyl bu ýerde diňe çylşyrymly operasiýalaryň 12 müň 820-ä ýakyny geçirildi. Hassahana Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Irlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň  we beýleki  ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen. Bu bolsa keselleri wagtynda we takyk anyklamak, dogry bejergi bermek üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Hassahana 2018-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga tabşyryldy. Ol merkezi Aziýada iň iri hassahanadyr. Açylanyndan bäri onuň hünärmenleriniň ençemesi daşary ýurtlarda amaly-tejribe okuwlarynda bolup, tejribesini artdyryp geldiler.  Geçen ýylyň oktýabr aýynda bu ýerde germaniýaly lukmanlar bolup, türkmenistanly kärdeşlerine usuly we amala kömekleri berdiler.

 676 orna niýetlenen 5 gatly baş binada gaýragoýulmasyz tiz kö­mek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, en­dokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemodializ, rentgeno­logiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksi­kologiýa, trawmotologiýa hem-de ortopediýa, urologiýa, trawmotologi­ýa bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar.