BIZE YAZYARLAR

Hasabat konsert geçirildi

Saz  bilen  söhbede  ýaman  diýmäňler,

Adam, Howa  dünýä  inende  bardyr.

Aýdym – saz  sungatynyň  ynsan  kalbyna  edýän  täsiri  hakynda  pederlerimiz  ir  wagtlar  düşünipdirler.  Göwnüçökgün  wagtyň  ruhuňy  göterýän  aýdym – saz  sungatynyň  artykmaç  taraplary   hakyndaky  pelsepä  düşünýän  ata -babalarymyz   perzentleriniň  hal – ýagdaýyna,  saglygyna  hem  uly  täsir  etjekdigine  ynanypdyrlar.  Türkmen  milletiniň  gadymýetden  saz  sungatyna  bolan  hormaty  we  söýgüsi  biziň  günlerimizde  hem  has  güýjäp, halkymyzyň  kalbynda  baky  ornaşdy.  Hormatly   Prezidentimiziň  tagallasy  bilen  zehinli   çagalaryň  arasynda  ýylyň – ýylyna  geçirilýän  dürli  döredijilik  bäsleşikler,  baýramçylyk  çäreleri  hem  munuň  aýdyň  subutnamasydyr.

Ýakynda  Lebap  welaýat  çagalar  sungat  mekdebiniň  “Kirişli  saz  gurallar”  bölüminiň  2023 – 2024 – nji  okuw  ýyly  boýunça  hasabat  konserti  uly  şowhun we  şatlyk  bilen  geçdi. Dabara    A.Wiwaldiniň  G – dur Konsertiniň  1 – nji  bölümi   bilen  açyldy.  Ony  mugallym  S.Jabbarowanyň  2-nji  synp  okuwçysy  Klara  Ýusupowa   ýerine  ýetirdi. Soňra  mugallym  G.Çaryýewanyň  2 – nji  synp  okuwçysy  Aýnur  Aýhanowanyň  ýerine  ýetirmeginde kompozitor  N.Halmämedowyň “Türkmen  tansy”  atly  ajaýyp  eseri  şeýle – de   mugallym  F.Muradowyň  2 – nji  synp  okuwçysy  Daýanç  Raýhanowyň  ýerine  ýetirmeginde  W.Muhadowyň  “Çal  dutar ” eseri   ýaňlandy. 2-nji  synp  okuwçysy  Milara  Tahirjanowa , mugallymy  Ý. Arslanowa,   kompozitor  Ç.Nurymowyň   eserini  ýerine  ýetirdi.  Mugallymlar  L.Jumaýewanyň  we  S.Sardarýanyň   okuwçylary  Asal  Aýlyýewanyň  hem  Nurana  Ýangibaýewanyň  ezberlik  bilen ýerine  ýetirmeginde  R.Telepnýowyň  “Gezelenç”  atly  eseri  ýaňlandy. Dünýä  belli  K.Sen – Sansyň  “Guw”  atly  eseri mugallym Z.Jumaýewiň  7-nji  synp  okuwçysy  Leýli  Tirkeşowanyň  şeýle – de  E.Jenkinsonyň “Tans”  eseri  mugallym  L.Jumaýewanyň   okuwçysy  Asal Aýlyýewanyň   ýerine  ýetirmeginde  ýaňlandy.  Mugallym  N.Jumanazarowanyň  okuwçysy  Aýperi  Genjimowa  N.Halmämmedowyň  “Nar  agajy”  eserini,  mugallym  S.Sardarýanyň  okuwçysy   Aýjahan  Durdyýewa   “Nowaýy”  atly türkmen  halk  sazyny ezberlik  bilen   ýerine  ýetirdiler.  Mugallym  A.Kerimowanyň  synpynyň  ýerine  ýetirmeginde  Ç.Nurymowyň  “Meleguş”  we E.Belousyň  Sazlar  çemeni   ýaly  eserler  ýaňlandy.   A.Şapoşnikowyň  Poema  eserini  mugallym  Z.Ýusupowanyň   7 – nji  synp  okuwçysy   Sewara  Polatowa , W.Mosartyň  “Nemes  tansy”  atly  eserini   mugallym  G.Azimowanyň  7 – nji  synp  okuwçysy  Leýli  Rejepalyýewa  ýerine  ýetirdiler. Mugallym  L.Jumaýewanyň  7 – nji  synp  okuwçysy   Ereşgül  Atamyradowa  Ç.Nurymowyň  Sonatasynyň   III bölümini  şeýle – de  mugallym  L.Waliýewanyň  7-nji  synp  okuwçysy  Firuza  Rowşanowa  I.Tribosyň  “Iki   türkmen  halk  heňi”  atly   eserlerini  ýerine  ýetirdiler.  Mugallym  S.Sardarýanyň  üstünikli   ýolbaşçylygynda, “Türkmeniň  altyn  asyry”  bäsleşiginiň  ýeňijisi,  mekdebiň  “Bagtyýarlyk”  skripkaçylar  topary   N.Halmämmedowyň   “Şükür  bagşy”  kinofilminden sazyny, M.Musorgskiniň  “Gopak”  şeýle – de   M.Annamyradowyň  “Türkmen  tansy”  ýaly  çylşyrymly  we  ajaýyp  eserleri  ýerine  ýetirmegi   bu  saz  agşamynyň  dabaraly  jemlenmesi  boldy.  Mekdepde  zähmet  çekýän  zehinli  mugallymlar  L.Kerimowanyň ,  M,Gorbunowanyň ,  L.Toýliýewanyň  we  D.Seýitkulyýewanyň  sazandarlyk  etmegi  bolsa   ýaş  uçgunlara   ruhubelentlik  bilen  ýerine  ýetirmeklige  uly  ýardam  berdi. Konsertiň  soňunda  ene – atalar   tarapyndan  ençeme  hoşallyk  sözler  aýdylyp, mugallymlara  çeken  zähmeti  üçin  minnetdarlyk  bildirildi.   Ýaş  zehinleriň  geljekde  türkmen  professional  saz  sungatyny  ösdürmekde  öz  goşandyny  goşjak  sazandalar  we  mugallymlar  bolup  ýetişmegini  arzuwlaýarys.

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň  “Kirişli saz gurallar” bölüminiň bölüm  müdiri,                                       

 mugallym Suraý Sardarýan

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: