Täze harby toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen 200 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Bu ýerde her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy hem-de awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, sport meýdançalary döredilipdir. Şeýle-de toplumyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezi hereket edýär. Söwda nokatlarynda azyk we hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Harby gullukçylar üçin ýaşaýyş-durmuş şertleri giňeldildi
27
Jan
