TÜRKMENISTAN HABARLARY

Harby gullukçylar döwrebap tehnika we sport mümkinçilikleri bilen üpjün edildi

Lebap welaýatyndaky harby bölümleriň täze binalarynyň we desgalarynyň açylyş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Şeýle-de meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynda harby tehnikalaryň suw päsgelçiliklerinden geçişi görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Toplumyň çäginde futbol, woleýbol, basketbol we ylgaw meýdançalary döredilipdir. Harby gullukçylaryň beden taýdan taplanmaklary üçin sport otagy hem enjamlaşdyrylypdyr. Naharhanada harby gullukçylar üçin ýokumly we talabalaýyk iýmit taýýarlamak üçin döwrebap şertler üpjün edilipdir.