Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýet, sungat ojaklarynyň ençemesi gurulyp, ulanmaga berilmegi, Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň, birnäçe çagalar sungat mekdepleriniň açylmagy türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä derejesine çykmaklygyna ummasyz ýardam berdi. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň tejribeli, ezber mugallymlary ýaş ösüp gelýän neslimizi türkmen milli sungatymyz bilen deň hatarda dünýä meşhur saz sungaty bilen tanyş etmekde dynuwsyz zähmet çekýärler.
Türkmen saz gurallarynyň biri bolan plektrli dutar üçin nusgawy saz eserleriniň täzeden işlenen we geçirilen nusgalarynyň ençemesini taýýarlan we okuw meýilnamasyna girizip, gollanmalaryny çapa taýýarlan ussat sazanda, mugallymlaryň biri Narguly Joraýewdir. Bu gollanmalarda jemlenen eserlerde plektrli dutarda ýerine ýetiriliş usullarynyň aýratynlyklary, saz guralyň diapazony göz öňünde tutulyp, nusgawy sazlaryň täze öwüşginde ýaňlanmagy gazanylan. Çekimli, haýal templi eserlerde mediatryň tremolosynyň zerurlygy bar bolsa, eýsem çalt depginli, passažly, bökmeler arkaly hereketli eserlerde ýerine ýetirijiniň barmaklarynyň ýüwrükligi we eliniň erkinligi has zerurdyr. Sesiniň näzikligine we inçeligine seretmezden nusgawy eserleriň aglaba böleginde talap edilýän dinamikasyny ýaňlandyrmak, sazandar bilen sazlaşykly çalmak üçin fakturanyň düzümi seljerilip, göz öňünde tutulyp düzülen bu gollanmalar şu ugurda düýpgöter wajyp işleriň biridir. Mugallymyň öz saz guralyna bolan söýgüsi, onda ýerine ýetirijilik mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolandygy hem şu kitaplaryň mazmunyndan we içine ýygyndy edilen eserlerden hem aýan bolýar. Dünýäniň ähli künjüniň dürdäneleriniň türkmen sazlary bilen birlikde bir ýere jemlenmegi bu ugurda okaýan ýaş zehinler we olaryň mugallymlary üçin hem gymmatly hazynadyr.
Aýna AMANDURDYÝEWA,
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň birinji derejeli mugallymy.

