BIZE YAZYARLAR

Halypalyk mekdebi

Berkarar  döwletimizde   şöhratly  taryhymyza,  beýik  şahsyýetlerimize, nusgawy  şahyrlarymyza  belent  sarpa  goýulmagy  milletiň  mertebesine,  ruhy  dünýäsine,  goýulýan  sarpadyr.  Türkmen  halkynyň  nusgawy  saz  sungaty , edebi  mirasy, medeniýeti  bu  gün  gül – gül  açylyp  dünýä  çykdy. Milli  Liderimiziň  we  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň   tagallasy  bilen   ýurdumyzda  saz  sungatymyzyň  ösmegi  üçin  ähli  şertler  döredilip, hemme  welaýatlarymyzda,  etraplarymyzda   ençeme   sazçylyk  we  sungat  mekdepleri  açylyp  ulanmaga  berildi. Bu  bolsa  täze – täze  zehinli  ýaşlaryň   ýüze  çykmagyna  itergi  berip,  ýaşlaryň  professional  taýdan  kämilleşmegi  üçin  uly  ýardam  berýär.

Lebap  welaýat  çagalar  sungat  mekdebiniň  tejribeli  mugallymy ,  Döwlet  derejesinde  geçirilen  ençeme  bäsleşikleriň  ýeňijisi, plektrli  dutaryň  hakyky  ussady  öz  zähmet  ýoluny  50  ýyldan  aşyran  halypa  Narkuly  Joraýew  öz  şägirtleriniň,  kärdeşleriniň   arasynda  uly  hormatdan   peýdalanýar. Öz  döredijilik  işiniň  dowamynda  Narkuly  Joraýew   ençeme  kitaplaryň,  usuly  gollanmalaryň,  saz  hrestomatiýalaryň  awtorydyr.  Mugallymyň  işläp  taýýarlan  maksatnamasy  esasynda   ýurdumyzyň    ähli   künjeklerinde  ýerleşýän   sazçylyk  we  sungat  mekdeplerinde  mugallymlar   ýaş  sazandalara  tälim  berýärler.  Halypa  mugallymyň  ýetişdiren   köp sanly  şägirtleri   ýylyň – ýylyna  geçirilýän  Döwlet  derejesindäki  bäsleşiklerde    baýrakly  orunlara  mynasyp  bolýarlar.  Halypa  mugallymyň   zehinli   şägirtleriniň  arasynda   Suhrab  Berdiýew,  Baýram  Saidow,  Ahmet  Abdullaýew, Döwletjan  Ilhanow, Bahram  Muradow,  Nurulla  Hamraýew, Hydyr  Jumaýew,  Raman  Saýpullaýew,  Batyr  Babakulyýew   dagylary  aýtmak   hökmanydyr.  Narkuly  mugallymyň   köp  ýyllaryň  dowamynda    çeken  öndürijilikli  we  tutanýerli  zähmeti  türkmen  milli  ýerine  ýetirijilik  sungatynyň   has – da gülläp  ösmegine  uly  ýardam  berdi  diýsek   ýalnyşmarys. Halypa  bu  saz  gural  üçin   ýörite  döredilen   sazlardyr – eserler  bilen  çäklenmän, eýsem  özi  hem  ençeme  daşary  ýurt  we  türkmen  halk   sazlarynyň  täzeden  işlenen  görnüşleriniň  awtorydyr.  Onuň  çapdan  çykan  ähli  hrestomatiýalary, ýygyndylary, usuly  gollanmalary  ýurdumyzyň  dürli  künjeklerindäki  çagalar  sazçylyk  we  sungat  mekdepeleriniň  okuwçylary,  ýörite  sungat  mekdepleriniň we  ýokary  okuw  jaýlarynyň   talyplary  uly  höwes  bilen  ýerine  ýetirýärler. Halypa  mugallymyň  okuwçylary  diňe  ýurdumyzda  däl, eýsem  daşary  ýurtlarda  geçirilýän  bäsleşiklerde  hem  baýrakly   orunlara  mynasyp  bolmagyň  hötdesinden   gelýärler. Olardan  Döwletjan  Ilhanow   2023-nji  ýylda  Moskwa şäherinde   geçirilen  “Unikalnyýe  talanty”  atly  halkara  döredijilik  onlaýn  bäsleşiginde  milli saz  gurallarda  ýerine  ýetirijileriň  arasynda  Baş  baýraga  mynasyp  bolýar.  Ýurdumuzyň  Medeniýet  Ministrliginiň  geçirmeginde  geçirilen  bäsleşiklerde  bolsa  dürli  ýyllarda  Ahmet  Abdullaýew  3-nji  orun, Batyr  Babakulyýew  1-nji orun,  Nurulla  Hemraýew  1-nji  orun,  Hydyr  Jumaýew  2-nji  orun,  Raman  Saýpullaýew  3-nji  orun,  Döwletjan  Ilhanow  1-nji  orun,  Bahram  Muradow  2-nji  orun  almagy  mugallymyň  irginsiz  zähmetiniň  miwesidir.  Narkuly  mugallymyň  ýylyň-ýylyňa  taýýarlaýan  döredijilik  agşamlarydyr –  hasabat  konsertleri  eýýam  welaýatyň  çäklerinde  ajaýyp  däpleriň  birine  öwrülip,  ýaş  zehinli  mugallymlar  üçin  hem  bu  çykyşlaryň   görelde  mekdebi  bolýandygy  ikuçsyzdyr. Mugallym  diňe  bir  mugallymçylyk  we  usuly  işler  bilen  çäklenmän, eýsem  milli  saz  gurallaryň täze  görnüşlerini  ýasamak  bilen  meşgullanýar.  Bu  işde  onuň  wepaly  şägirtleriniň  biri  bolan  Ahmet  Abdullaýew  uly  höwes  bilen  ýakyndan  ýardam  berip, sungatymyzyň  has – da  gülläp  ösmegine  goşant  goşjak   täze  saz  gurallaryň  ajaýyp  nusgalaryny   bilelikde  döredýärler.

Mundan  beýläk – de  döredijilik  äleminde  ussat   halypa  mugallym,  ezber  sazanda, ençeme  kitapdyr – gollanmalaryň  awtory, saz  sungatyny  ýürekden  söýüp, bar  güýjüni,  yhlasyny, hyzmatyny  gaýgyrman  durmuş  ýoluny  bagş  eden  Narkuly  Joraýewe  uly  üstünlikleriň  ýar  bolmagyny   we  zehinli  şägirtleriň  yzynyň  dowam  bolmagyny  arzuwlaýarys.

Lebap  welaýat  çagalar  sungat mekdebiniň  “Halk  saz  gurallar” bölüminiň müdiri,

mugallym  Gülara  Saparowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: