- ESASY HABARLAR, Wideolar

Halypalaryñ söhbetdeşligi. Saragt Babaýew we Myrat Baltaýew

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan «Halypa we şägirt» şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisinde Türkmenistanyñ halk suratkeşi, Türkmenistanyñ hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew bilen Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniñ halypa suratkeş mugallymy Myrat Baltaýew söhbetdeş boldylar. Bu söhbetdeşlikde halypalar M.Baltaýewiñ “Saltyklar mukamy” we “Güýz” eserleri barada gürrüñ etdiler.