Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň kämil dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklaryny gazanmak üçin halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesini ösdürmeklik ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Halypa-şägirtlik ýoly gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ýörelgedir. Halypa-
şägirtlik ýoly barada türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda: “Ata-babalarymyzda öz bileniňi özgelere-de öwretmek, ýörite ussatlary ýetişdirmek parz saýylypdyr. Halypa hormaty peder sarpasy deýin belent tutulypdyr. Şägirt, okuwçy öz perzendiň deýin eý görlüpdir” diýip belleýär. Diýmek, halypa öz hünär we durmuşy tejribelerini ýaş nesillere öwredip, olary durmuşa taýýarlaýar.
Biziň ýurdumyzda milli medeniýetiň, sungatyň, senediň we hünäriň ýitip gitmezligi üçin şägirt ýetişdirmeklige uly üns berilýär. Halypa-şägirtlik ýoly pederlerimizden, ata-babalarymyzdan gelýän görelde mekdebi bolup, “Şägirt bolmadyk, halypa-da bolmaz”, “Şägirtsiz ussat-miwesiz daragt”, “Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter”, “Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar” ýaly nakyllarda şägirtleriň, halypalaryndan ezber, öz işiniň ussady bolup ýetişmeklerini
isleýändiklerini aýdyň beýan edýärler. Bu ajaýyp nakyllarda saýlap alan durmuş ýoluňy, hünäriňi dogry kämilleşdirmek şeýle-de gowy gylyk-häsiýetli, edep-terbiýeli bolmak bilen baglanyşykly durmuş kanunlary düşündirilýär. Uzak ýola gidiljek bolnanda ýa-da döwletli işiň başy tutulanda, kär-hünär öwrenilende halypalardan, ýaşulylardan maslahat soralyp, ak pata alynýar. Halypa-ol eýýam öz işine ezber, beýik ussatdyr. Her bir ynsan halypadan tälim almazdan hem belli bir ýoly öwrenip biler. Emma mugallymlar we halypalar gysga wagtyň dowamynda ýokary derejelere ýetmäge, kämilleşmäge öz saýlap alan kesp-käriň eýesi bolmaga
uly ýardam berýän beýik ynsanlardyr. Hakyky usatlar ölmeýärler. Sebäbi ussatlaryň döreden ajaýyplyklary, ýasan, dokan, diken zatlary, guran binalary halkyň aňynda, ýüreginde ebedilik ýaşar. Geljekki nesillerimize ýadygärlik bolup galýar.
Halypa-şägirtlik ýol ýörelgesi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Akyldar şahyr öz şygyrlarynda “Kämil, ussat” ýaly sözlerini ulanyp, halypa-şagirtlik temasyna ýüzlenipdir.
Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge, kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlarymyzy aýdýarys!
Tawus HUDAÝBERDIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherindäki çagalar sungat
mekdebiniň “Bagşy” hünäriniň mugallymy.


