“Mugallym” adyna mynasyp bolup, talyp ýaşlara bilim bermekde döredijilikli zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de Seýitnazar Seýdi adydaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatowdyr.
Mugallymyň ýaşlyk ýyllary Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda geçýär. Orta mekdepde okap ýören ýyllary edebiýat dersine aýratyn höwes, söýgi bildirýär, çeper eserleri köp okaýar. Bu gyzyklanmasy ony 1991-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adydaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bosagasyndan getirýär. Ol talyplyk ýyllarynda edebiýaty öwreniş ylmynda ussatlyga ýeten mugallymlardan ders alyp, bilimini has çuňlaşdyrýar.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň ony bu ýerde işe alyp galýarlar. Şeýdip, institutyň mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol ylymlar dünýäsinde özüniň mynasyp ornuny tapmak üçin 2008- 2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda aspiranturada okuwyny dowam etdirýär.
Ol “Orta asyrlar türkmen edebiýatynda edebi akymlar” atly ylmy işini ýazyp, 2019-njy ýylda alymlyk derejesine eýe bolýar. Baýram Akatow bu ugurdan önjeýli işleýär.
Onuň alyp baran gözlegleriniň netijesinde ylmy-publisistik makalalaryň 80-e golaýy ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi. Onuň “Orta asyrlar türkmen edebiýatynda edebi akymlar” atly monografiýasy 2020-nji ýylda “Ylym” neşirýatynda çap edilip, öz okyjylaryna gowuşdy.