Halypa aýdymçy täze eserleri döretdi
Saýatly aýdymçy, Türkmemnistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow Medeniýet hepdeligine täze aýdymlaryny sowgat getirdi. Welaýat neşirinde bellenilişi ýaly, ol bu aýdymlary ýakyn günlerde geçiriljek dabaralarda ýerine ýetirer.
Jumamyrat Gurbanow «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň 1992-nji ýyldaky ýeňijisidir. 2002-nji ýylda bolsa ol Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen adyň eýesi boldy.
Aýdymçynyň ýerine ýetirýän «Lebabyma», «Diýarym», «Derýa», «Ýar biziň sary», «Ajap zamanda», «Näz bilen», «Türkmenistanym», «Lukmanlarymyz», «Datly türkmen gawuny», «Görüň!» ýaly birnäçe meşhur aýdymlary teleýaýlymlarda ýaňlanyp dur.