Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Lebap welaýatynyň halyçylyk pudagynda zähmet çekýän ussatlarynyň ýedisine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Bu hormatly at milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň gözelligini we nepisligini wagyz etmekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti we hünär ussatlygy nazara alnyp berildi.
Hormatly ada mynasyp bolan lebaply halyçylaryň altysy «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýär. Olar Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Sülgün Agageldiýewna Penjiýewa, Bahar Haýytdurdyýewna Jumaýewa, sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Jennet Jumadurdyýewna Jumageldiýewa, 3-nji önümhananyň halyçylary Altyn Musagulyýewna Algulyýewa, Aýnabat Baýgeldiýewna Abraýewa, şeýle hem «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowadyr.
Lebap welaýatyndan bu hormatly ada mynasyp bolan ýene bir ussat «Türkmenpagta» döwlet konserniniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň halyçysy Rabiýa Şerniýazowna Babaniýazowadyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynda bu hormatly atlaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini äleme ýaýmakda bitirilen hyzmatlar üçin dakylandygy bellenilýär.
Haly sungatynyň lebaply ussatlarynyň ýedisi «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen adyň eýeleri boldular
01
Jun

