BIZE YAZYARLAR

Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Ýurdumyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän döwlete öwürmek maksadyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, berkarar Diýarymyzyň berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň miwesi bolan şeýle döwletli tutumlaryň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi buýsanjymyzy artdyrýan döwletli tutumlaryň biridir. Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygy döwlet tarapyndan goralýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we şahsy göreldesi arkaly ony wagyz ediji bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine örän uly üns berýär. Bu ugurda giň gerimli anyk çäreler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.

Her ýylyň maý aýy ýurdumyzda “Öýkeniň  howply täze döremelerine garşy göreş aýy” diýlip yglan edilýär.  Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýat onkologiýa hassahanamyzda hem howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şol çäreleriň çäklerinde etraplardyr şäher ýerlerinde raýatlara döş kapasasynyň rentgen şöhle, rentgenografiýa, flýurografiýa barlaglaryny geçirmek hem ýola goýulýar. Munuň özi öýkendäki ýokanç däl keselleri, howply we howpsyz täze döremelerini hem-de inçe keselleriniň irki döwürde ýüze çykarmaga we anyklamaga giň mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Olary azaltmagyň wajyp usullarynyň biri bu keseller bilen baglanyşykly bolan howply ýagdaýlary kemeltmäge tagallalary gönükdirmek bolup durýar. Ilkinji nobatda, bu temmäkä garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmegi hem-de ýeterlik derejede beden taýdan işjeňligi wagyz etmek arkaly gazanylýar. Şeýle-de keselleri irki döwründe ýüze çykarmak we öz wagtynda bejermek, munuň üçin gözegçilik ulgamyny kemala getirmek bu ugurda möhüm işleriň hatarynda orun alýar. Ol işler ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň çäklerinde geçirilip bilner. Biz lukmanlar — raýatlara keseliň alamatlary dörän ýagdaýynda haýal etmän  onkologiýa barlagyndan geçip durmagy maslahat berýäris. Çünki keseliň öňüni almak ony bejermekden has aňsatdyr.

Goý, halkyň baş saglygyny döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hasaplaýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu babatda durmuşa geçirýän taryhy tutumlary mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

Azat Babalyýew,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň anesteziolog-reanimatolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: