BIZE YAZYARLAR

Halkyň saglygy — ýurduň abadanlygy

Sanlyja ýylyň içinde dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulan Garaşsyz Türkmenistanda durmuşyň ähli ulgamlarynda bedew batly ösüşlere ýetilýär. Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen bir hatarda nesil aladasy, ýagny, ýaşlaryň döwrebap bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak döwlet syýasatymyzda aýratyn orna eýe boldy. Çünki bu günki nesiller mähriban Watanymyzyň ýagty we nurana geljegini döredijilerdir. Hut şonuň üçin hem ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, ahlak-edepli, watansöýüji we ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda aýratyn aladalanylýar. Şol sanda ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklaryny gazanmak bilen birlikde olaryň saglygyny goramak, netijeli dynç almaklaryny gazanmak, ýaş hünärmenleri döwrebap iş şertleri bilen üpjün etmek ugrunda hem aýratyn aladalanylýar. Bu hakykata tamamlanyp barýan ýylymyzyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Lebap welaýatynda birnäçe bilim we terbiýeçilik edaralarynyň täze binalary bilen birlikde Dänew we Saýat etraplarynda durky düýpli täzelenen hassahanalaryň ulanylmaga berlendigini aýratyn nygtamak gerek. Biziň etrap hassahanamyz hem dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen saglygy goraýyş we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, onda näsaglarynyň saglyk ýagdaýyny anyklamak, keselleri bejermek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda hassahanamyzyň lukmanlary olardan ýerlikli peýdalanyp, ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmakda gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Şol sanda ilaty döwrebap lukmançylyk hyzmatlary, degişli derman serişdeleri bilen üpjün etmekde, ynsan saglygyny goramakda döwletimiz tarapyndan hem aýratyn alada edilýär. Muňa mysal edip ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak, dürli kesellere garşy degişli sanjymlary mugt ýerine ýetirmek, raýatlarymyzy ýokary lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny ilatyň hyzmatyna bermek boýunça döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan işleri agzap bileris. Şol sanda ýurdumyzda nesil saglygyny goramak ugrunda birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär, okuw-terbiýeçilik edaralary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Raýat hakynda edilýän şeýle aladalary görüp, duýup ýaşamak, zähmet çekmek biz üçin uly bagtdyr. 

Nurgözel Joraýewa, 

Dänew etrap hassahanasynyň iç keseller bölüminiň bölüm müdiri.