YKDYSADYÝET

«Halkbankyň» müşderilerine hoş habar

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Lebap welaýat we etrap, şäher şahamçalarynyň müşderileri mundan beýläk galtaşyksyz kartlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. Hökümetiň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde bankyň ykjam telefonlar üçin «Sanly kart» programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi.

Bu programma üpjünçiligi NFC we «QR-kod» tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: