Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy
Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde ýakynda geçirilen halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden Lebap welaýatynyň türgenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurdanylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde şu aýyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisiniň ýeňijileri sylaglanyldy.
Türkmenistanly türgenler ýakynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň 11-sine, Özbegistanyň Daşkent şäherinde küşt boýunça mekdep toparlarynyň arasynda geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda bolsa 7 medala mynasyp boldular. Gündogar sebitiň wekilleri dünýä çempionatyndan iki, Aziýanyň açyk çempionatyndan bolsa bäş medal bilen dolanyp geldiler.
Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen dabarada Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň türgeni Jemal Öwlüýägulyýewa, ýene-de şol çempionatda bürünç medala mynasyp bolan Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Guwanç Hemräýewe, küşt boýunça Aziýanyň açyk çempionatynyň bir kümüş we bir bürünç medalyna mynasyp bolan Dänew etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Lala Şöhradowa, ýene şol ýaryşda kümüş medallaryň ikisini gazanan Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Agamyradowa hem-de şol ýaryşdan bir kümüş medal bilen dolanan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem öz sowgatlaryny gowşurdy.