TÜRKMENISTAN HABARLARY

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Lebapdaky merkeziniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyryna girişildi

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda Lebapda gurulýan merkezdäki binalaryň ählisinde demir-beton gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy.
Şu günler käbir binalarda kerpiç örmek we suwag işleri dowam edýär. Binalaryň üçegini ýapmak işleri hem ahyrky tapgyrlarda alnyp barylýar.
Gurluşygy «Barly gurluşyk» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Merkez Farap gümrük nokadyna barýan awtomobil ýoluň ugrunda gurulýar.
Bu ýerde it ýataklarynyň 7-si, iki gatly dolandyryş we işgärler binasy, naharhana, karantin we weterinariýa bölümleri we beýleki binalar bar. Bu ýerde tohum alabaýlary köpeltmek, olaryň saglygyny goramak üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply