Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara tejribäni öwrenmek we milli gümrük ulgamyna ornaşdyrmak babatynda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýakynda amala aşyrylan daşary ýurt iş saparlary bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolup, gümrük işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de öňdebaryjy tejribeleriň özleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döretdi.
Halkara tejribäni baýlaşdyrmak maksady bilen gümrük ulgamynyň wekilleri Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda gümrük işiniň häzirki zaman guramaçylyk-usulyýet esaslary, sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, maglumat alyş-çalyş ulgamlary hem-de ýöriteleşdirilen taýýarlyk ulgamynyň tejribesi öwrenildi. Bu tejribe gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda we halkara talaplaryna laýyklykda ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem halkara tejribäni çuňlaşdyrmak maksady bilen türkmen gümrük işgärleri Özbegistan Respublikasynda bolup, gümrük işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda toplanan tejribeler bilen tanyşdylar. Okuw işinde maglumat tehnologiýalarynyň, häzirki zaman bilim usullarynyň, elektron gözegçilik ulgamlarynyň ulanylmagy bilen bagly çemeleşmeler milli gümrük okuw ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähmiýetli hasaplanýar.
Bu saparlaryň netijesinde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti has-da aýdyňlaşyp, öňdebaryjy tejribäni milli gümrük ulgamyna ornaşdyrmak boýunça täze mümkinçilikler ýüze çykdy. Halkara tejribäniň öwrenilmegi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işini döwrebap derejede alyp barmagyna, işgärleriň hünär mümkinçiliklerini giňeltmegine hem-de gümrük ulgamynyň umumy netijeliligini ýokarlandyrmagyna berk esas döredýär.
Bazarkuly ITALMAZOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
