BIZE YAZYARLAR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ösýär watan günsaýyn
Şagalaňly gün-aýym
Ýaşlar tapýar bagt paýyn
Türkmenistan diýarda

Paýhasly pederlermiz
Hoşniýetli illermiz
Bu gün saýrar dillermiz
Parahatlyk ýylynda

Bedew batly watanym
Meniň ajap mekanym
Waspyn edip ýazanym
Parahatlyk ilimde

Halkara parahatçylyk
We ynanyşmak ýyly
Dostlugyň, doganlygyň
Agzybirligiň ýaňy

Bitarapdyr diýarymyz
Watan bagtymyň nury
Halkara parahatçylyk
We ynanyşmak ýyly

Tanalýar türkmen ady
Sylaýas ýakyn, ýady
Mydama öňe bady
Parahatlyk ýylynda

Gahryman Arkadagymyz
Arkadagly Serdarymyz
Sowgat etdi halkyna
Bu şygarly ýylymyz

Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: