BIZE YAZYARLAR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Zenan hüwdüsiniň ýaňlanýan ýurdy
Mährem enelermiz edil ýaz ýaly
Bar ýurtlaryň maksady hem myrady
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ýüreklerde paýhas, mähri çoýulýar
Bäş welaýat agzybir dogan ýaly
Kiçin sylap, ula hormat goýulýar
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Türkmenistan hemişelik Bitarap,
Asudalyk, türkmeniň saýlan ýoly
Batly gadam urýas biz öňe tarap
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Türkmen halky myhmansöýer gadymdan
Diňe dost-doganlyga uzar goly
Watançylyk gelýändir Pyragydan
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Arkadagyň pähim-parasatynda
Dünýä halklarynyň asudalygy
Mydama ýurdumyň syýasatynda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmaksungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: