BILIM

Halkara olimpiadanyň ýeňijileri mälim edildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika boýunça geçirilen IV halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi. Onda talyplaryň 117-si baýrakly orunlary eýelediler.                                                               Olimpiadanyň düzgünnamasyna görä, 30 we ondan ýokary utuk alan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular. Şunda iň ýokary utugy Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň talyby Jasur Jamolowyň eýeländigini aýtmak gerek. Ol berlen meseleleri takyk işläp, 36 utuk toplap bildi. Birinji orny eýelänleriň arasynda olimpiadany guraýjy ýokary okuw mekdebinden Annajemal Dädebaýewa bar. Ol 34 utuk toplap bildi. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Ufim döwlet nebit tehniki, S.Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk, M.Ý.Ýewsewýewa adyndaky Mordowa döwlet mugallymçylyk, Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we
gaz uniwersitetlerinden, Türkmen oba hojalyk, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutlaryndan gatnaşan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular.
Olimpiadada ikinji orna 35, üçünji orna bolsa 67 talyp mynasyp boldy. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dört talyby bar.
Halkara internet olimpiadasynyň 4-nji dekabrda geçirilendigini ýatladýarys.