Halkara maslahatyň myhmanlary Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar şu gün Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde olar üçin muzeýiň bölümlerine gezelenç guraldy.
Gezelenjiň barşynda muzeý işgärleri dünýä döwletlerinden gelen myhmanlara gadymy Amuldan tapylan gymmatlyklar barada gürrüň berdiler. Aýdylyşy ýaly, bu gymmatlyklar gadymy medeniýet barada has giň düşünje aldylar.
Halkara maslahat iki günläp dowam eder. Ertir onuň umumy mejlisindäki we bölümçelerindäki çykyşlar diňlener. Halkara maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Gazagystandan alymlaryň uly topary Türkmenstana geldi.