Halkara maslahatda edilen çykyşlaryň gysgaça beýany neşir edildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçen ýylyň iýun
aýynda ― Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara
ylmy maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýany çap edildi. Üç dildäki bu gollanma, ilkinji
nobatda, ýaş alymlar üçin peýdalydyr.
Ýeri gelende aýtsak, institutda «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara onlaýn ylmy
maslahaty geçirmek däbe öwrüldi. Halkara ylmy maslahata dünýäniň 12 döwletinden,
ýokary okuw mekdepleriniň 24-siniň alymlary gatnaşdylar we ylmyň dürli ugurlary boýunça
çykyş etdiler. Halkara ylmy maslahatyň materiallarynyň ýygyndysynda oňa gatnaşan daşary
ýurtly tanymal alymlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halypa professor-
mugallymlarynyň hem-de ýaş alymlarynyň taýýarlan ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň
140-dan gowragy ýerleşdirildi.
Gollanmadan maslahatyň ähli bölümleri we bölümçeleri boýunça edilen çykyşlaryň esasy
mazmuny bilen tanşyp bolýar.