JEMGYÝET

Halkara maslahata gatnaşyjylara konsert berildi

Halkara ylmy-amaly maslahatyň guramaçylary tarapyndan oňa gatnaşyjylar üçin düýn öýlän welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda şüweleňli konsert guraldy.

Onda lebaply meşhur estrada ýyldyzlary joşgunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

Konsert sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: