BIZE YAZYARLAR

Halkara hyzmatdaşlyk — hünär kämilliginiň möhüm ugry

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitiniň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasynyň hem-de Sebitleýin okuw merkezleriniň 14-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ýewropa sebitindäki Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, sebit boýunça Wise-başlygyň topary, Bütindünýä gümrük guramasynyň Sekretariaty, şeýle hem Türkmenistandaky BGG-niň Sebitleýin okuw merkeziniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türkmen wekilleri merkeziň alyp barýan işleri barada çykyş edip, gümrük işgärleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça toplan iş tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibinde Sebitleýin okuw merkezleri üçin niýetlenen täze Monitoringiň paneliniň tanyşdyrylyşy we amaly synaglary aýratyn orun eýeledi. Bu täze gural okuw merkezleriniň arasynda maglumat alyş-çalşygyny, utgaşykly hereketi we özara tejribe paýlaşmagy üpjün edýän netijeli mehanizm hökmünde ähmiýetlidir. Amaly sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylar platformanyň mümkinçiliklerini synagdan geçirip, okuw we tanyşdyryş materiallaryny ýerleşdirmek boýunça tejribe geçdiler. Munuň özi okuw merkezleriniň işiniň açyklygyny, görnükliligini we netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ädimdir.
Şeýle halkara duşuşyklar gümrük edaralarynyň işgärleriniň hünär taýýarlygyny döwrebap derejede ösdürmäge, dünýä tejribesini öwrenmäge we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredýär. Bütindünýä gümrük guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan şeýle işler Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we gümrük işini kämilleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ýazmuhammet GURBANOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.