TÜRKMENISTAN HABARLARY

Halkara hyzmatdaşlyk arkaly awiakompaniýalara hyzmatlaryň gerimi giňeýär

Lebap welaýatyndaky Türkmenabat we Kerki halkara howa menzilleri soňky ýyllarda dünýäniň dürli döwletleriniň awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. «Flight Consulting Group» kompaniýasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäginde birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň uçarlaryna hyzmat edilýär. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň «Click Aviation network DMCC», «Jetex», «Cargo Air Chartering», Täjigistanyň «Somon Air», Germaniýanyň «Aerologic», Russiýanyň «Air Sitotrans», Belarus Respublikasynyň «Eada Aviation», Müsüriň «Global Transport Services» ýaly hyzmatdaşlar bilen işler ýola goýuldy. Häzirki wagtda Türkmenabat Halkara howa menzili Gruziýanyň «Georgian Airlines», «Airline GeoSky» hem-de Türkiýäniň «MNG Airlines» uçarlaryna ýokary derejeli hyzmat berýär.
Mundan daşary, menziliň üsti bilen halkara gatnawlara petek satuwy hem alnyp barylýar. Russiýanyň «S7», BAE-niň «Fly Dubai» we «Emirates», Türkiýäniň «Turkish Airlines» ýaly kompaniýalaryň gatnawlaryna petek almak isleýän ýolagçylar bu hyzmatlary göni welaýat merkezindäki halkara howa menzilinden alyp bilýärler. Bu mümkinçilikler sebitde ýolagçy gatnawynyň giňelmegine we halkara logistika ugurlarynyň kämilleşmegine täsir edýär.