TÜRKMENISTAN HABARLARY

Halkara gatnawlaryň ikisi başga ugurlar boýunça amala aşyrylar

30.12.24 – 31.01.25 seneler aralygynda Aşgabat – Moskwa – Aşgabat rejeli gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylandygy üçin “Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Bangkok hem-de Moskwa-Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryny başga ugurlar boýunça ýerine ýetirýär.
Bu barada “https://turkmenistanairlines.ru” saýtyna habar berilýär.
Awiakompaniýa şu aşakda görkezilen senelerdäki ýolagçylar üçin:
– Moskwa-Bangkok 03.01.2025 / 04.01.2025
– Moskwa-Aşgabat 
02.01.2025/03.01.2025/04.01.2025/06.01.2025/07.01.2025
Bu ugurlaryň gatnawy 03.01.2025 senesinde Moskwa-Stambul ugry boýunça şol tarapyň awiakompaniýasy tarapyndan, Stambul-*Aşgabat ugry bolsa,
“Türkmenistan” awiakompaniýays tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Gatnawlara hasaba alyş 23:00-da başlaýar.
Soňky seneler boýunça goşmaça habar berler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: