Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO kluby açyldy  

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýä medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy boldy. Bu taslama ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we diplomatlary taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebiniň bilelikdäki hyzmatdaşlygy esasynda ýerine ýetirildi.

Açylyş dabarasyna ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Dünýä dilleri» ÝUNESKO klubynyň agzalary gatnaşdylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector