BIZE YAZYARLAR

Halkara donorlar güni

Her ýylyň 14-nji iýuny Halkara donorlar günüdir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çözgüdi bilen donorlaryň aýratyn gününiň bolmagy olaryň ynsan saglygy üçin edýän işine belent hormatdan we donorlyk işiniň ähmiýetinden nyşandyr.
Adam bedenine ähli agzalar bilen bir hatarda gan hem iň bir gerekli zatlaryň biri. Ulaglaryň ýangyçsyz ýöremeýşi ýaly, janly beden, şol sanda ynsan bedeni hem gansyz ýaşap bilmez. Aslynda, bedenimizi gan aýlanyşygy bolmazdan hiç-hili göz öňüne hem getirip bolmaýar. Şol sebäpden donorlaryň ýaşaýşa goşýan goşandy uludyr. Donor ýylyň dowamynda 5 gezek gan tabşyryp bilýär. Yzygider gan tabşyrandan soň, oňa arakesme etmek maslahat berilýär. Şeýle edilende donoryň saglyk ýagdaýy hem-de ganyň düzümi gowy bolýar.
Ýeri gelende, gan we gan toparlary barada hem aýratyn durup geçeliň. Ýagny olar I,II, III, IV toparlar bolup, I gan topar islendik näsaga goýup bilýär, ýöne özüne welin, diňe kysymdaşy goýup bilýär. II we III-däkiler birmeňzeş toparlaryna ulanylýar. IV toparlylara bolsa ählisi gabat gelýär.
Her bir adam öz gan toparyny bilmelidir. Munuň üçin siz islendik barlamhanalarda barladyp biler. Şeýle-de, ganyň topary saglyk barada köp zady aýdyp bilýär. Meselem birinji gan topryna eýe adamlaryň ýürek we gan damar kesellerine uçramak ähtimallygy beýlekilere garanyňda azdyr. Şeýle-de bu gan topary başga-da birnäçe kesellerden goraglydyr. Şonuň üçin birinji gan toparyna uzak ýaşaýanlaryň gan topary hem diýilýär.Ikinji gan toparyna eýe adamlar, köplenç, endokrin we süýji keselinden ejir çekýärler. Şeýle-de olar stres hem-de wirus kesellerine garşy ejiz bolýarlar.Üçünji gan toparly adamlar, köplenç, radikulit bolmak bolsa, dördünji gan toparlylarda ýürek-damar keselleriniň ähtimallygy uly bolýar. Ýöne dördünji gan toparly adamlar ýokanç keseller bilen seýrek keselleýärler.
Golaýlap gelýän Halkara donorlar güni bilen ähli kärdeşlerimizi hem-de ynsan saglygy üçin möhüm zerurlyga ähmiýetli garýan donorlary bu baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mähribän ALLAKULYÝEWA,
Lebap welaýat Gan bankynyň himiki labaratoriýasynyň lukmany.