Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi

Söwda-senagat edarasynda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi. Ony Aşgabat şäher häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilelikde gurady.

Forum degişli guramalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly Kanadadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ugurdaş düzümleriň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri goşuldylar. Onda çykyş edenler Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmegiň wajypdygy barada aýtdylar. Aşgabadyň mynasyp bolan köp sanly halkara güwänamalarynyň, şäheriň desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň, ýakynda geçirilen «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumynyň hem-de «Araçäksiz dizaýn» atly halkara serginiň ähmiýetleri barada täsirli çykyşlar diňlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector