Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy
Türkmenabat şäherindäki «Lebap» toý mekanynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher komitetleriniň guramagynda baýramçylyk çäresi geçildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Diýarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary belende galýar» diýen at bilen geçirilen bu baýramçylyk çäresine partiýanyň işjeň agzalary, welaýatymyzyň zähmetkeşleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Olaryň çykyşlarynda eziz Diýarymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde giň seslenmä we gollanma eýe bolýandygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyzyň agzybir we asuda ýaşaýşyna, jebisligine ýurdumyzyň ösüşlerine oňyn täsir edýändigi bellenildi. Şeýle-de çykyşlarda ata Watanymyzyň ýeten belent derejesiniň, häzirki ösüşiniň we halkymyzyň abadan, parahat ýaşaýşynyň hormatly Prezidentimiziň
ynsanperwerlige ýugrulan daşary we içeri syýasatyndan ugur alýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy.
Soňra baýramçylyk çäresi welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Belentden ýaňlanan joşgunly çykyşlarda Türkmen Bitaraplygynyň, berkarar döwletimiziň, bagtyýar zamanamyzyň waspy öz beýanyny tapdy.