MEDENIÝET

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan konsert geçirildi

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kirişli saz gurallary bölüminiň skripka
hünäriniň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanylan konsert hem
hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Şol gün
mekdebimiziň mejlisler jaýynda dünýä saz sungatynyň iň naýbaşy eserleriniň
birnäçesi ýaňlandy.
Konsertde ýerine ýetirilen eserleriň arasynda meşhur çeh kompozitory Zdenek
Fibehiň «Sonet», nemes kompozitory Iogannes Bramsyň «Wenger tansy»,
awstriýaly ussat Fris Kreýsleriň «Söýginiň şatlygy», «Söýgi azaby» ýaly eserleri
ýa-da olardan bölekler bar. Şeýle hem Ogulgerek Seýtiýewa, Enejan Nuryýewa,
Gülşat Kerimowa, Grant Arutýunýan ýaly talyplarymyz türkmen kompozitorlary
Aşyr Kulyýewiň, Aman Agajykowyň, Röwşen Nepesowyň, Çary Nurymowyň we
Jeren Gurbangylyjowanyň eserleriniň birnäçesini ýerine ýetirdiler. Konsertde
ýaş zehinlere Aziza Arslanowa, Lýudmila Tokarowa, Azat Arabow, Aziza Gaýybowa ýaly mugallymlarymyz konsertmeýsterlik etdiler.
Konsert milli aýdym-saz sungatymyzyň geljeginiň eýesi boljak ýaşlaryň milli we
dünýä sungatynyň eserlerinden kämil derejede baş çykarýandyklaryny ýene bir
ýola tassyklady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: