MEDENIÝET

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli nakgaşlaryň eserleriniň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk buýsanjymyz!» ady bilen baýramçylyk sergisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär, diýip turkmenportal.com» ýazýar.

Şanly senä bagyşlanan sergide 100-den gowrak suratkeşiň döreden 220-den gowrak sungat eserleri görkezilýär. Olaryň 180-den gowragy nakgaş, 12-si heýkel, 6-sy keramika, 8-si gobelen, 15-si zergärçilik sungatyna degişli işlerdir.

Sergide görkezilýän eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedowyň «Irki bahar», Rejepmuhammet Berdiýewiň «Ýazda», Çarymyrat Saryýewiň «Sumbar», Işanguly Işangulyýewiň «Samarkant. Bibihanymyň rowaýaty» hem-de Aleksandr Kaşirskiniň «F.Dostoýewskiý» hem-de «Ç.Amangeldiýew» atly bürünçden ýasalan relýef eserleri bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: