Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli konsert geçirildi
Şu gün Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýarmçylyk konserti geçirildi. Ony mekdebiň kirişli saz gurallary bölüminiň skripka hünäriniň mugallymlary we talyplary taýýarladylar. Konsertiň guramaçysy, mekdebiň mugallymy Jemal Hudaýberdiýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol edilen çykyşlaryň sungatyň dostlugyna aýratyn öwüşgin berendigini nygtady. Konsert mekdebiň talyby Ogulgerek Seýtiýewanyň (konsertmeýster Aziza Arslanowa) ýerine ýetiren eserleri bilen başlady. Zehinli talyp ilki bilen «Pelek ömrüm» atly türkmen halk sazyny, soňra Z.Fribehiň «Sonata» atly eseriniň birinji bölümini ýerine ýetirdi. Ýürege ýakyn sazlara baý bolan konsert soňra Enejan Nuryýewanyň (konsertmeýsteri Tatýana Han) çykyşy bilen dowam etdi. Mekdebiň talyby bolmak bagtyna şu ýyl eýe bolan ýaş zehin ilki bilen A.Kulyýewiň «Sýuita» atly eseriniň birinji bölümini, soňra bolsa I.Bramsyň «Wenger tansy» atly eserini ýerine ýetirdi. Jemal Hudaýberdiýewanyň zehinli şägirtleriniň biri, mekdebiň üçünji ýyl talyby Gülşat Kerimowa (konsertmeýsteri Lýudmila Tokarewa) A.Agajykowyň R.Nepesow tarapyndan täzeden işlenen «Aýly agşam» atly duetini ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda mekdebiň üçünji ýyl talyplary Gülşat Kerimowa bilen Grant Arutýunýanyň bilelikde ýerine ýetiren (konsertmeýsteri L.Tokaşewa) «Söýginiň şatlygy» atly eseri (F.Kreýslerden) hem gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra G.Arutýunýan konsertmeýster L.Tokarewa bilen bilelikde F.Kreýsleriň «Söýgi azaby» we Ç.Nurymowyň «Skripka we fortepiano üçin sonatasynyň» üçünji bölümini hem ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji böleginde şu hünäriň talyplarynda düzülen ansambl oňa gatnaşyjylara J.Gurbangylyjowanyň «Guwan, türkmen!» (fleýtada Azat Arbapow, konsertmeýster Aziza Gaýypowa) we R.Nepesowyň «Ýaz walsy» (konsertmeýsterler M.Ismaýilow we A.Gaýypowa) atly eserleri bilen uly lezzet paýladylar. Konsert mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň Halkara Bitaraplyk gününe mynasyp sowgady boldy.