2025-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen mekdep okuwçylary halkara internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, 55 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa şu ýylyň ýanwar-mart aýlary boýunça garamagyndaky düzümleriň işiniň netijeleri baradaky hasabatynda habar berdi – diýip, TDH agentligi habar berýär.
Wise-premýeriň sözlerine görä, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Olimpiadalara gatnaşmakdan daşary, ýurdumyzda «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty, şeýle hem dürli dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi.
Orazdurdyýewa şeýle-de ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly alnyp barlandygyny belledi. Ylym ugry boýunça «Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi».
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ýurdumyzyň bilim, ylym,
saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de orta mekdepleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri we olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Halkara bilim bäsleşikleri: üç aýda 55 medal gazanyldy
07
Apr
