BILIM

Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş eden türkmenistanly okuwçylar sylaglanyldy

Lebap welaýat baş bilim müdirliginde 2021—2022-nji okuw ýylynda geçirilen halkara we döwlet bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy boldy.

Şu okuw ýylynyň dowamynda welaýatyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylarynyň onlarçasy onlaýn görnüşinde geçirilen dürli bäsleşiklere gatnaşdyrlar. Olaryň 21-si bolsa baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Türkmenabat we Dänew etraplarynyň okuwçylary has köp ýeňiş gazandylar. Welaýat merkezinden 10 okuwçy, Dänewden bolsa 6 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olara degişli Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýşat Saparowa bolsa medal hem gowşuryldy. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň matematika we fizika boýunça geçiren ders bäsleşiginde birinji, «21 OFIO» halkara internet bäsleşiginde bolsa üçünji orna mynasyp bolupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: