JEMGYÝET

Halkara awtoýöriş Türkmenabat şäheriniň üstünden geçer

Türkmenabat şäheri «Dostluk kerweni» ady bilen geçiriljek halkara awtoulag ýörişiň esasy duralgalarynyň hataryna girýär. 24-nji aprel — 10-njy maý aralygynda geçiriljek ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanda Aşgabat we Mary şäherlerinde hem düşläp geçerler.

Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň hem-de Ermenistanyň çäklerinden geçjek ýöriş Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşi tarapyndan altynjy gezek guralar.

Ýöriş Duşenbe (Täjigistan) şäherinden badalga alyp, Ýerewan (Ermenistan) şäherinde tamamlanar. Awtoýörişiň umumy uzynlygy 4 müň kilometre barabar. Onuň çäginde Duşenbe, Samarkant, Aşgabat, Tähran we Ýerewan şäherlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň bäşisi geçiriler.

Halkara awtoulag ýörişiniň dowamynda oňa gatnaşyjylara kuboklar, medallar, diplomlar, şahadatnamalar, şeýle hem Halkara awtoulag geňeşiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik, senagat guramalarynyň baýraklary gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: