BIZE YAZYARLAR

Halk sungatyna siňen şekiller

Matematika öz gözbaşyny has irki döwýrlerden alyp gaýdýar. Amaly-haşam sungatynyň nusgalarynda hem matematiki şekiller aýratyn orun tutýar.

Türkmen halkynyň milli sungatyndaky nagyşlaryň köpüsi tebigat dünýasi bilen aglanyşyklydyr. Olaryň arasynda “goçak”, “öküz oňurga”, “tazy guýruk”, “güjük yzy”, “durna hatar” ýaly nagyşlarda gelin gyzlar haýwanat dünýäsine mahsus aýratynlyklary şekillendiripdirler.  Haly-palaslarda, el işlerinde giňden ulanylýan bbu nagyşlar halkymyzyň ir döwürlerden bäri gözbaş alyp gaýdýan ruhy dünýäsinde tebigata olan çuňňur söýgini aňladýar.

Biziň welaýatymyzyň gelin-gyzlarynyň döreden el işlerinde “dört goçak”, “kelleli goçak”, “goçanak”, “goçbuýnuz”, “goçgarşah” ýaly nagyşlar has köp ulanylýar.  . Lebaply agaç ussalarynyň hem oýmaçylyk usulynda ýasaban agaç önümlerinde agaç bezeglerinde we sandyklarynda-da “goçanak” nagşyna duş gelmek bolýar.

Bu nagşyň gadymydygyna arheologik maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Gadymy galalardan tapylan tapyndylaryň arasynda haýwanlaryň şekilleri bar. Alym W.M. Massonyň bellemegine görä, dag goçy, geçisi gadymy türkmen topragynda ilkinji eldekileşdirilen jandarlaryň biri bolupdyr. Halk sungatynda dag goçunyň, geçisiniň tutýan orny, aňladýan manysy barada alymlar köp maglumatlary berýärler.

Biziň ata-babalarymyz janly-jandarlaryň amaly-haşam sungatyndaky şekilleriniň öýe bereket we bolçulyk getirýänligine ynanypdyrlar.

Öküziň, sygryň şekili gadymyýetden bäri ata-babalarymyzyň amaly-haşam sungatyna düýpli ornaşan keşpleriň biri hasaplanýar. Biziň ene-mamalarymyz guramalarda hem ‘’öküz gözi’’ nagşyny köp ulanýarlar. Guramalardaky ‘’durna hatar’’ nagşy eli çeper zenanlaryň synçylygyna güwä geçýär.

Ylmy çeşmelerde Jeýtundan, Pessejikdepeden we Çakmaklydepeden tapylan, ussatlyk bilen ýasalan heýkeljiklerden uly, orak görnüşli şahly öküziň şekiliniň ardygy beýan edilýär. Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden tapylan heýkeljikleriň içinde öküziň şekili ussatlyk bilen ýasalypdyr.

Öküziň keşbiniň halkymyzyň aňyýetine berk ornaşandygyny hormatly Prezidentimiz “Türkmen medeniýeti” kitabynda şeýle belleýär: “Altyndepäniň, Goňurdepäniň hem-de Nusaýyň adam hem-de öküz bilen baglanyşykly taryhy ýadygärlikleri bu gudratly jandaryň ekerançylyk we irki şäher medeniýetlerinde mukaddes hasaplanandygy bilen baglanyşyklydyr. Öküziň kellesi gadymy döwrüň mukaddeslik nyşany. Öküz süňki, daşdan, mermerden, bişirilen toýundan ýasalan şekiller gadymy dünýäniň tumarydyr”.

Zergärleriň ýasan şaý-seplerinde hem guşlaryň, janly-jandarlaryň ösümlikleriň şekilleri inçelik bilen janlandyrylypdyr. 

Gülaýym Amanowa,

Çärjew etrabyndaky 12-nji orta  mekdebiň matematika mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: