BIZE YAZYARLAR

Halk saz gurallar orkestri

Her bir halkyň özüne mahsus däp-dessurlary, medenýeti, çeperçilik mirasy, saz gurallary bolýar. Beýik türkmen halkynyň çeperçilik mirasynda saz sungaty, milli saz gurallary uly ähmiýete eýedir. Beýik Pyragynyň arzuw edip gelen bitewi, agzybir, erkin, garaşsyz türkmen döwletinde uly taryhymyzy, medeniýetimizi, mirasymyzy, öwrenmäge giň ýollar açyldy. Garaşsyz, Bitarap ýurdymyzyň saz medeniýeti Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen pajarlap ösýär. Ýitip barýan saz gurallarymyz dikeldilýär we olar täze mazmunda kämilleşdirilýär. XX asyryň ortalarynda Çeperçilik tehnikumynyň açylmagy netijesinde, halk saz gurallar bölümi döredildi we onuň ilkinji mugallymlary M.Täçmyradow we P. Saryýewdyr. P. Saryýewiň ýolbaşçylygynda dutar, gyjak we tar saz gurallarynyň goşulmagy netijesinde ilkinji ansambl döredilýär. Ansamblyň esasynda S. Tumanýan bilen P. Saryýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek halk saz gurallary orkestri döredilýär. Orkestriň baş dirižory S.Tumanýan bolup, onuň repertuarlarynda “Nergiz”, “Sona gelin”, “Sallanan gözel” ýaly türkmen eserleri bilen birlikde, Orta Aziýa halklarynyň hem sazlary, aýdymlary bolupdyr. Orkestriň ilkinji sazandalary türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleri Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow, saz öwreniji Allaýar Rejepow bolupdyr. Orkestr gysga wagtyň içinde professional derejelere ýetmegi başarýar we orkestri kämilleşdirmek üçin ýasalan saz gurallar hem şu günki günlere çenli P.Saryýew adyndaky halk saz gurallary orkestrinda hem ulanylmagyny dowam etdirýär. XX asyryň 40-njy ýyllarynda Sahy Jepbarowyň halk saz gurallary ansamblynyň esasynda simfoniki we halk saz gurallary orkestri döredilýär. Halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy G.M. Arkelýan we P. Saryýew, dirižory A.Kulyýew bolýar.
Orkestri saz gurallar bilen kämilleşdirmekde Bäşim Nuralyýew, Geldi Ugurlyýew we Daşkent döwlet konserwatoriýasynyň professorlary A.I. Petrosýan, W. Didenko dagynyň kömegi örän ulydyr. G. M. Arkelýandan soňra halk saz gurallary orkestrina
Gurban Kulyýew ýolbaşçylyk edip başlaýar. Orkestriň repertuary giňäp, dünýäniň
köp ýurtlarynda özleriniň sazlary bilen çykyş edýärler.                                            Garaşsyzlyk ýyllarynda halk saz gurallary orkestrini ösdürmekde we saz gurallary kämilleşdirmekde Çary Babaýewiň hem hyzmaty örän ulydyr. Bagtyýarlyk zamanamyzda P. Saryýew adyndaky Halk saz gurallary orkestri bilen birlikde, ýurdymyzyň ýörite sungat mekdepleriniň Halk saz gurallary orkestrleri dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan eden türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleri Ç.Nurymowyň, W.Muhatowyň, N. Halmämmedowyň, R. Allaýarowyň we başga-da birnäçe türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerini ýerine ýetirýärler.
Ýurdymyzyň çägindäki ýaş nesle sazyň ilkinji basgançaklaryny öwredýän birnäçe
çagalar sungat mekdeplerinde hem Halk saz gurallary orkestri bar. Türkmenabat
şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hem Halk saz gurallar orkestri öňde
baryjy orkestrleriniň biridir. Rejepow Daýanjyň ýolbaşçylyk edýän bu orkestri
welaýatymyzda çagalar sungat mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde näçe
ýyldyr esasy baýraga mynasyp bolup gelýär we olaryň ýerine ýetirmegindäki eserler
ýurdymyzyň ösüşleriniň waspy bolup, welaýatymyzda geçirilýän şanly baýramçylyklarymyzda belentden ýaňlanýar.

Dursun TAGANOWA,
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy