Halk saz gurallar orkestri we kämil saz gurallar.
Her bir halkyň özüne mahsus däp-dessurlary, medenýeti, çeperçilik mirasy, saz gurallary bolýar. Beýik türkmen halkynyň çeperçilik mirasynda saz sungaty, milli saz gurallary uly ähmiýete eýedir. Beýik Pyragynyň arzuw edip gelen bitewi, agzybir, erkin, garaşsyz türkmen döwletinde uly taryhymyzy, medeniýetimizi, mirasymyzy, öwrenmäge giň ýollar açyldy. Garaşsyz, Bitarap ýurdymyzyň saz medeniýeti Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen pajarlap ösýär. Ýitip barýan saz gurallarymyz dikeldilýär we olar täze mazmunda kämilleşdirilýär.
Halk saz gurallary orkestriň döreýşi, ösüşi we käbir halk saz gurallarynyň kämil görnüşi barada aýratyn duryp geçeliň!
XIX asyryň ortalarynda Çeperçilik tehnikumynyň açylmagy netijesinde, halk saz gurallar bölümi döredildi we onuň ilkinji mugallymlary M.Täçmyradow we P. Saryýewdyr. P. Saryýewiň ýolbaşçylygynda dutar, gyjak we tar saz gurallarynyň goşulmagy netijesinde ilkinji ansambl döredilýär. Ansamblyň esasynda S. Tumanýan bilen P. Saryýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek halk saz gurallary orkestri döredilýär. Orkestriň kämilleşmegi üçin saz gurallaryň ýetmezçiligi duýulýardy we türkmen milli saz gurallarynyň içinde ýogynly-inçeli ses berýän gurallar ýetmezçilik edýärdi. Türkmen milli saz gurallaryny orkestriň talabyna laýyk geler ýaly dutary, gyjagy, gargy we dilli tüýdükleri kämilleşdirmek we dutardyr, gyjagyň ses çägini giňeltmek maksady bilen bularyň maşgala toparynynyň döredilmeginiň meselesi orta çykaryldy. Orkestriň ýolbaşçylary bu ugurda işläp biläýjek saz gurallaryny ýasaýan ýerli ussalar bilen maslahat geçirdiler. Maslahatyň netijesinde, ugurtapyjy ussalar täze kämilleşdirilen dutardyr, gyjagyň şeýle-de dutaryň kädisine meňzeş, “Üçtar” diýen gurallary ýasap, orkestre hödürlediler.
Orkestriň baş dirižory S. Tumanýan bolup, onuň repertuarlarynda “Nergiz”, “Sona gelin”, “Sallanan gözel” ýaly türkmen eserleri bilen birlikde, Orta Aziýa halklarynyň hem sazlary, aýdymlary bolupdyr. Orkestriň ilkinji sazandalary türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleri Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow, saz öwreniji Allaýar Rejepow bolupdyr. Orkestr gysga wagtyň içinde professional derejelere ýetmegi başarýar we orkestri kämilleşdirmek üçin ýasalan saz gurallar hem şu günki günlere çenli P.Saryýew adyndaky halk saz gurallary orkestrinda hem ulanylmagyny dowam etdirýär.
XIX asyryň 40-njy ýyllarynda Sahy Jepbarowyň halk saz gurallary ansamblynyň esasynda simfoniki we halk saz gurallary orkestri döredilýär. Halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy G.M. Arkelýan we P. Saryýew, dirižory A.Kulyýew bolýar. Orkestri saz gurallar bilen kämilleşdirmekde Bäşim Nuralyýew, Geldi Ugurlyýew we Daşkent döwlet konserwatoriýasynyň professorlary A.I. Petrosýan, W. Didenko dagynyň kömegi örän ulydyr. G. M. Arkelýandan soňra halk saz gurallary orkestrina Gurban Kulyýew ýolbaşçylyk edip başlaýar. Orkestriň repertuary giňäp, dünýäniň köp ýurtlarynda özleriniň sazlary bilen çykyş edýärler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda halk saz gurallary orkestrini ösdürmekde we saz gurallary kämilleşdirmekde Çary Babaýewiň hem hyzmaty örän ulydyr. 1994-nji ýylda Halk saz gurallaryny kämilleşdirmek, onuň täze nusgalaryny oýlap tapmak boýunça ýörite ylmy bölüm açylýar. Bu jogapkärli işe Ç. Babaýew ýolbaşçy bellenilýär. Onuň ýolbaşçylygynda ylmy bölümiň işgärleri taýýarlaýan saz gurallaryny ýurdumyzda ösýän we bar bolan ýerli materiallardan ýasamaklygy ýola goýdular we gysga wagtyň içinde gowy netijeler gazandylar. Olar dutarlar maşgalasyna degişli saz gurallarynyň 11 görnüşini taýýarlap, sazçylyk okuw mekdeplerine, saz toparlaryna ulanmaklyga hödürlediler. Milli saz gurallarymyzy kämilleşdirmek bilen bagly gazanylan üstünlikleriň biri hem 4 kirişli ,,Çarbag” gyjagynyň (ussasy Juma Orazow) döredilmegidir. Gyjagyň ,,Çarbag” adynyň 2 düşündirilişi bar. Olaryň birinjisi ,,Çary Babaýewiň gyjagy” diýen jümläniň gysgaldylan görnüşi bolsa, ikinjisi Türkmenistan ýurdumyz göz öňünde tutylyp, ,,Çar bagly, gözel ýurt” diýen manyny aňladýar. ,,Çarbagda” öňden ulanyp gelinýän orkestr gyjagynyň( kemençäniň) kädi gurlyşyna üýtgetme girizilýär. Kämilleşdirilen saz gurallaryň hatarynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mährem Jumaýewiň on dokuz perdeli dutaryny ýatlamak hem zerurdyr. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirilip ýasalan bu dutarda aýdymçynyň häzirki zaman aýdymlaryny kemsiz ýerine ýetirmegi üçin amatly şertler bar. Bagtyýarlyk zamanamyzda P. Saryýew adyndaky Halk saz gurallary orkestri bilen birlikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň Halk saz gurallar orkestri hem dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan eden türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleri Ç. Nurymowyň, W. Muhatowyň, N. Halmämmedowyň, R. Allaýarowyň we başga-da birnäçe türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerini ýerine ýetirýar. Kompozitorlaryň döreden eserleri bilen bir hatarda, Halk saz gurallary orkestri üçin täzeden işlenen türkmen halk sazlary ösüşleriň waspy bolup, ýurdymyzda döwlet derejesinde geçirilýän şanly baýramçylyklarymyzda belentden ýaňlanýar.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hudaýkuliýew Şaripbaý.